GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanyň birža söwdalarynda nebit we dokma önümleri ýerlenildi
19.10.2026

Geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilen birža söwdalarynda daşarky bazarda ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň önümlerini satyn almak boýunça geleşikler baglaşdyldy.

Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserni bilen gidrousulda arassalanan dizel ýangyjy satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar. Şeýle hem geçen hepde daşarky bazarda gonkongly telekeçilere guradylan arassalanmadyk buýan köki we kök baldaklary, Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) işewürlerine bolsa dokma önümleri ýerlenildi.