GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanda germaniýaly professorlar gaz guýularyny burawlamak boýunça okuw maslahatyny geçirdiler
16.10.2026

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde gaz guýularyny burawlamakda we uglewodorod serişdelerini saklamakda ulanylýan döwrebap tehnologiýalara bagyşlanan okuw maslahaty geçirildi. Halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge, öňdebaryjy ylmy-tehniki tejribäni öwrenmäge we energetika pudagynda täzeçil çemeleşmeleri ornaşdyrmaga gönükdirilen bu çäre Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Klaustal Tehniki uniwersitetiniň professor-mugallymlarynyň gatnaşmagynda geçdi. Ol Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň (GIZ) «Türkmenistanyň ýaşyl ösüşi üçin Ýewropa Bileleşigi: 2024–2029-njy ýyllar üçin syýasy dialog we howanyň üýtgemegi boýunça hereketler» taslamasynyň goldawy bilen guraldy.

Okuw maslahatynyň çäklerinde nebitgaz guýularyny burawlamagyň häzirki zaman usullary, uglewodorod serişdelerini netijeli özleşdirmegiň we howpsuz saklamagyň tehnologiýalary, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden peýdalanmagyň mümkinçilikleri, wodorod ýangyjyny öndürmegiň usullary hem-de emeli aňyň energetika pudagyndaky ulanylyşy bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Klaustal Tehniki uniwersitetiniň wekilleri bilen geçirilen duşuşyklar tejribe alyşmak, hünär bilimlerini kämilleşdirmek we bilim hem-de ylym ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini öwrenmek üçin mümkinçilik berdi.

Okuw maslahatynyň dowamynda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Klaustal Tehniki uniwersitetiniň professor-mugallymlary Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň gurluşy, ylmy-barlag barlaghanalarynyň we ýöriteleşdirilen merkezleriniň işi, şeýle hem Türkmenistandaky Lu Ban ussahanasynyň mümkinçilikleri bilen tanyşdylar. Bu tanyşlyk olara bilimi we önümçiligi utgaşdyrýan amaly taýýarlygyň häzirki ýagdaýy barada düşünje almaga, tejribe alyşmagyň geljekki ugurlaryny kesgitlemäge mümkinçilik berdi.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýurdumyzda ylmy we bilimi ösdürmek, ýaşlaryň hünär taýýarlygyny kämilleşdirmek hem-de döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak üçin döredilýän mümkinçiliklere ýokary baha berdiler.