GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Balkanabatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy ähmiýeti ara alnyp maslahatlaşyldy
15.10.2026

«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çäräniň maksady Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy-syýasy ähmiýetini ýaşlara giňden ýetirmekden ybarat boldy.

Çäre «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk Döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň demokratik ýoly bilen geljege tarap» diýen mowzuk boýunça geçirildi. Oňa jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleri, orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.

Çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň nusgalyk döwlet taglymatynyň ýurduň durmuş-ykdysady we syýasy ösüşindäki taryhy ornuna aýratyn ünsi çekdiler. Olar Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlislerinde kabul edilýän her bir taryhy we ykbalçözüji kararyň, şeýle hem halkyň we ýurduň bähbidine gönükdirilen başlangyçlaryň hem-de täze maksatnamalaryň halkyň erk-islegini, raýatlaryň abadançylygyny hemişe birinji orunda goýýan milli demokratiýanyň iň kämil nusgasy bolup durýandygyna jikme-jik durup geçdiler.

Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistanyň ösüşiň demokratik, innowasion we durnukly ýoly bilen geljege tarap ynamly öňe barýandygy barada gürrüň edildi. Bilim, ylym we önümçilik ulgamlarynyň sanlylaşdyrylmagyna, şeýle hem ýaş hünärmenleri dünýä derejesinde taýýarlamak üçin döredilýän giň mümkinçiliklere aýratyn üns berildi.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýtdylar.