«PETRONAS Carigali (Turkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasy Türkmenistanyň Hazar deňziniň türkmen bölegindäki «Blok-I» taslamasynyň ösüşinde täze maýa goýum tapgyrynyň başlanandygyny belleýär. Häzirki döwürde esasy üns täze önümçilik desgalaryny döretmekden hereket edýän aktiwleriň netijeliligini ýokarlandyrmaga, olaryň bitewiligini üpjün etmäge hem-de sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaga gönükdirilýär. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.
Kompaniýanyň Baş direktory Ismadi Bin Ismailiň belleýşi ýaly, geljekki ösüş howpsuz we ygtybarly gazyp alyşy üpjün etmek, önümçilik desgalaryny optimizasiýalaşdyrmak, şeýle hem täjirçilik taýdan netijeli tehnologiýalary ulanmak bilen baglanyşykly bolar. Şeýle çemeleşme «Blok-I» taslamasynyň uzak möhletleýin bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmäge mümkinçilik berýär.
Bu täze ösüş strategiýasy 21–23-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy — OGT-2026» 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň hem giňden beýan ediler. «PETRONAS» kompaniýasy maslahatyň esasy hyzmatdaşlarynyň biri hökmünde öz taslamalaryny, Hazar deňzindäki «Blok-I» boýunça toplanylan tejribäni, sanly tehnologiýalary, önümçilik netijeliligini ýokarlandyrmak we zyňyndylary azaltmak boýunça çözgütlerini, şeýle hem Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda adam maýasyny ösdürmek babatdaky başlangyçlaryny tanyşdyrar.
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — OGT-2026» 31-nji halkara maslahaty we sergisi dünýäniň energetika kompaniýalary, maýadarlar we tehnologiýa üpjün edijileri bilen täze hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm meýdança bolar.







