14-nji oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Eduards Stipraýs bilen duşuşyk geçirdi.
Taraplar bar bolan mümkinçilikleri hem-de özara bähbitleri nazara almak bilen, türkmen-ýewropa hyzmatdaşlygynyň derwaýys meseleleri we ony mundan beýläk ösdürmegiň ugurlary barada pikir alyşdylar.
Söhbetdeşligiň dowamynda syýasy-diplomatik gatnaşyklary pugtalandyrmaga, hereket edýän ikitaraplaýyn we sebit mehanizmleriniň çäklerinde aragatnaşyklary işjeňleşdirmäge aýratyn üns berildi.
Mundan başga-da, taraplar ulag, energetika, daşky gurşawy goramak we hünärmenleri taýýarlamak ugurlarynda özara gatnaşyklaryň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşygyň ahyrynda söhbetdeşler yzygiderli aragatnaşyklary dowam etdirmäge hem-de özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gyzyklanmalydyklaryny tassykladylar.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi







