GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
BMG-niň täze hasabatynda Türkmenistanyň energiýa baglanyşygyny güýçlendirmäge goşýan goşandy beýan edilýär
16.10.2026

Birleşen Milletler Guramasy «Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energetika baglanyşygynyň esasy orny: mümkinçilikler we teklipler» atly ýörite hasabaty çap etdi. Resminama Baş Assambleýanyň 2025-nji ýylyň 15-nji dekabrynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul eden 80/131 belgili kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen taýýarlandy.

Hasabat BMG-niň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynda seredilmek üçin hödürlendi. Onda agza döwletleriň we Birleşen Milletler Guramasynyň ulgamyna girýän düzümleriň energetika pudagynda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak baradaky garaýyşlary jemlenendir.

Hasabatyň aýratyn bölümi 2024-nji ýylyň 16–17-nji oktýabrynda Aşgabatda geçirilen Energetika özara baglanyşygyny pugtalandyrmak boýunça hünärmenleriň halkara duşuşygyna bagyşlanýar. Bu duşuşygyň geçirilmegi energetika howpsuzlygy we durnukly ösüş meseleleri boýunça köptaraplaýyn gepleşikleri ösdürmäge Türkmenistanyň goşan amaly goşandy boldy.

Hasabatda bellenilişi ýaly, Aşgabatda işlenip düzülen teklipler serhetüsti energetika infrastrukturasyny ösdürmegi, maýa goýumlary çekmegi, kadalaşdyryjy talaplary we ülňüleri utgaşdyrmagy, energiýa çeşmelerini diwersifikasiýalaşdyrmagy, energiýa netijeliligini ýokarlandyrmagy we täze tehnologiýalary ornaşdyrmagy öz içine alýar. Sebitleýin we halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, bilim alyşmaga, şeýle hem hökümetara gepleşikleri dowam etdirmäge aýratyn üns berilýär.

Resminamada şeýle hem BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Merkezi Aziýanyň energetika ulgamlaryny birleşdirmegiň mümkinçilikleri baradaky netijeleri getirilýär. Olara laýyklykda, sebitleýin özara baglanyşygyň pugtalandyrylmagy energiýa üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny we elýeterliligini ýokarlandyrmaga, elektrik energiýasyny öndürmek we infrastruktura bilen bagly çykdajylary azaltmaga, şeýle hem gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň ulanylyşyny giňeltmäge mümkinçilik berer.

Türkmenistanyň öňe sürýän gün tertibi energetika howpsuzlygyny we özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hem-de hemmeler üçin elýeterli, ygtybarly, durnukly we döwrebap energiýa çeşmelerine elýeterliligi üpjün etmegi göz öňünde tutýan Durnukly Ösüşiň 7-nji Maksadyna ýetmäge gönükdirilendir.

 

 

Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasy