28-nji maýda Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň ýokary derejeli açyk pikir alyşmalarynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Daşary işler ministri Mohammad Ishak Daryň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn ykdysady we infrastruktura hyzmatdaşlygynyň uly mümkinçiligine aýratyn üns berildi. Şeýle hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly hökmünde Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan (TAPI) gaz geçirijisiniň ösdürilmegi hem-de Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik we optiki-süýümli aragatnaşyk geçrijileriniň döredilmegi ýaly sebit taslamalarynyň amala aşyrylýandygy bellenildi.
Ministrler öňde boljak ikitaraplaýyn çäreleriň taýýarlygy, şol sanda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-pakistan hökümetara toparynyň mejlisi, şeýle hem bilelikdäki işewürlik, medeni we ynsanperwer çäreleri geçirmek başlangyçlary barada pikir alyşdylar.
Söhbetdeşler türkmen-pakistan gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda ýokary derejedäki syýasy dialogyň möhüm orun eýeleýändigini nygtadylar. Bellenilişi ýaly, iki ýurduň liderleriniň arasyndaky yzygiderli gatnaşyklar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösmegine we sebit taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine goşmaça itergi berýär. Diplomatlar ähli özara gyzyklanma döredýän ugurlar boýunça syýasy dialogy we amaly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardyklaryny nygtadylar.







