GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistan we Hytaý bilelikdäki energetika merkeziniň iş meýilnamasyny maslahatlaşdy
22.05.2026

Häzirki wagtda hytaý tarapy Türkmen-hytaý energetika okuw merkezinde hytaý dilinden bilim berjek mugallymlary seçip almak boýunça degişli işleri alyp barýar. Bu mesele Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektory Baýrammyrat Atamanowyň ýakynda Pekin şäherine amala aşyran iş saparynyň çäklerinde ara alnyp maslahtlaşyldy. Bu duşuşyk şu ýylyň 16-njy aprelinde Aşgabat şäherinde gol çekilen Ylalaşyga laýyklykda guraldy.

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektory Baýrammyrat Atamanowyň Hytaýa saparynyň esasy maksady Pekin şäherinde ýerleşýän Hytaýyň nebit uniwersiteti tarapyndan guralan «Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň Hytaýyň nebit uniwersitetinde bilim alýan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň talyplaryna ýazan möhüm jogap hatyny öwrenmek we durmuşa geçirmek, şeýle hem «Bir guşak – bir ýol» başlangyjynyň çäklerinde energetika ulgamynda ýokary bilimiň ýokary hilli ösüşi» atly simpoziuma gatnaşmakdan ybarat boldy.

Simpoziumyň umumy mejlisinde türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy «Türkmenistan we Hytaý: ylym-bilim ulgamynda strategik hyzmatdaşlygyň çäklerinde nebit-gaz pudagynyň önümçiligine innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak» diýen tema boýunça çykyş etdi. Çykyş halkara gatnaşyjylary golaýda Aşgabat şäherinde geçirilen «Türkmenistan — Hytaý Halk Respublikasy: gaz pudagynda strategik hyzmatdaşlygyň 20 ýyllygy» atly ýokary derejeli halkara ylmy-amaly maslahatyň netijeleri bilen tanyşdyrdy. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň binýadynda döredilen bilelikdäki taslamanyň - «Lu Ban ussahanasynyň» şowly işlemegine aýratyn üns çekildi.