GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistan we ABŞ energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi maksat edinýärler
22.05.2026

Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky ilçisi Esen Aýdogdyýew ABŞ-nyň senatory Stiw Deýns bilen duşuşyk gecirdi.

ABŞ-nyň Senatynyň binasynda geçirilen duşuşygyň dowamynda energetika ulgamynda türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri boýunça pikir alyşmalar boldy. Şeýle hem taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk, sebitara baglanyşyk we syýasy dialogy giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Söhbetdeşler ABŞ bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda C5+1 formatdaky hyzmatdaşlygyň ähmiýeti bellediler.