GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Türkmenistana resmi sapar bilen gelmäge çakylygy kabul etdi
21.05.2026

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin Iki tarap üçin hem amatly bolan wagtda Türkmenistana sapar bilen gelmäge taýardygyny tassyklady. Bu barada Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna iberen jogap hatynda aýdylýar.


HHR-nyň Başlygyna Türkmenistana sapar bilen gelmäge çakylyk hatyny hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýokary derejedäki duşuşyklaryň we gepleşikleriň netijesinde iberdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaýa amala aşyran dostluk saparynyň dowamynda geçiren ýokary derejedäki duşuşyklary, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň tabşyrygy boýunça ýurdumyzda saparda bolan hytaý wekiliýetiniň gatnaşmagynda geçirilen gepleşikler we gazanylan ylalaşyklar iki ýurduň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy ösdürmäge täze itergi berdi.


Si Szinpin öz hatynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň ösdürilmegi ugrunda edýän tagallalaryna ýokary baha berdi we ýakyn gatnaşyk saklamaga taýýarlaygyny beýan etdi. 


Mundan başga-da, hytaý tarapy Türkmenistanyň öňe sürýän birnäçe iri bilelikdäki taslamalaryna seretmäge taýýardygyny tassyklady. Hytaý bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk boýunça komitet degişli olary düýpli öwrenip, degişli şertlerde durmuşa geçirip biler. Şeýle hem hatda Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistan bilen bilelikde gatnaşyklaryň täze aýdyň nusgalaryny döretmek we «Hytaý — Türkmenistan bitewi ykbal bileleşiginiň» mazmunyny yzygiderli baýlaşdyrmak ugrunda hyzmatdaşlyk etmäge taýýarlygy beýan edilýär.