«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde Balkan welaýatynyň orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda welaýat derejesindäki bäsleşik geçirildi.
Türkmenistanyň bilim ulgamynyň sanly ösüş konsepsiýasyna laýyklykda, bäsleşik ýöriteleşdirilen platformalar we wideoaragatnaşyk serişdeleri arkaly guraldy. Bäsleşigiň welaýat tapgyryna «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebi, Balkan lukmançylyk orta okuw mekdebi, Balkan welaýat ýörite sungat mekdebi, Balkan welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi, şeýle hem Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň Türkmenbaşy şäherindäki deňiz orta hünär okuw mekdebi gatnaşdy.
Bäsleşik talyplaryň dünýägaraýşyny giňeltmäge we hünär bilimlerini ösdürmäge gönükdirilen giň ugurlary öz içine aldy.
Bäsleşigiň geçirilýän meýdançasy hökmünde Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň saýlanyp alynmagy bu okuw mekdebiniň ýokary abraýynyň we ähmiýetiniň subutnamasy boldy.







