GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
«Türkmengaz» döwlet konserninde jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň orny barada duşuşyk geçirildi
19.05.2026

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda sagdyn durmuş ýörelgeleri bilen bagly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Oňa «Türkmennebit», «Türkmengaz» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» dňwlet korporasiýasynyň hünärmenleri gatnaşdylar. Bu çärede Türkmenistanyň Mejlisiniň, hukuk goraýjy edaralaryň, saglygy goraýyş ulgamynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň çykyşlaryna giň orun berildi.

Bellenilişi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen sagdyn durmuşy dabaralandyrmakda möhüm işler durmuşa geçirilýär, köpçülikleýin bedenterbiýe hereketi işjeň häsiýete eýe bolýar, sport ulgamynda uly ösüşler gazanylýar we belent sepgitler eýelenýär.

Ýurdumyzda alnyp barylýan parasatly döwlet syýasatynyň netijesinde häzirki wagtda sagdyn durmuşa eýermek, sport bilen meşgullanmak halk köpçüliginiň arasynda uly goldaw tapýar. Berkarar döwletimizde ähli ýaşdaky adamlar bedenterbiýe hereketine işjeň goşulyşýarlar. Ýurdumyzyň sebitlerinde sport bilen meşgullanýan ýaşlaryň we çagalaryň sany barha artýar. Sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga döredilen amatly şertler türkmen türgenleriniň halkara ýaryşlarynda üstünlikli çykyş etmegine mümkinçilik berýär.

Çärede çykyş edenleriň aýratyn nygtaýşy ýaly, bu günki gün Türkmenistan sagdyn ýaşaýşyň, sagdyn ösüşiň, sport dünýäsinde uly üstünlikleriň gazanylýan ýurduna öwrüldi.