Türkmenistanda geçiriljek öňdebaryjy halkara forumlaryň biri bolan «Ak şäherim Aşgabat» atly XXV köpugurly halkara sergisine we maslahata taýýarlyk işleriň soňky tapgyry tamamlanýar. Forum 24–25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda «Binagärlik. Innowasiýalar. Durnukly ösüş» şygary astynda geçiriler.
«Ak şäher Aşgabat – 2026» atly XXV Köpugurly halkara sergisi we maslahat binagärlik, infrastruktura, şäher ösüşi hem-de maýa goýum hyzmatdaşlygyna bagyşlanar.
Soňky maglumatlara görä, çärä gatnaşmak üçin 55 ýurtdan 650-den gowrak wekiliň hasaba alnandygy mälim boldy. Bu bolsa döwlet we hususy pudaklaryň arasynda halkara gyzyklanmanyň ýokary derejesini görkezýär. Serginiň we maslahatyň maksatnamasyna şäher infrastrukturasynyň döwrebaplaşdyrylyşy, energetika ulgamlary, häzirki zaman gurluşyk tehnologiýalary hem-de halkara maýa goýum hyzmatdaşlygy bilen bagly dürli ugurlara ýöriteleşen 100-den gowrak halkara kompaniýalar gatnaşar.
Forumyň maksatnamasy Birleşen Milletler Guramasynyň ýokary derejeli «tegelek stoly» bilen açylar. Onuň temasy: «Ählimumy dialogdan ýerli hereketlere: durnukly, inklýuziw we «akylly» şäherleri ösdürmek». Maslahatyň dowamynda halkara şäher ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny ýerli derejede amaly çözgütlere uýgunlaşdyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar. Şol sanda durnukly infrastruktura, häzirki zaman şäher gurluşygynyň meýilleşdirilişi, sanly özgertmeler, energiýa tygşytlylygy, ekologik jogapkärçilik we şäher gurşawynyň inklýuziw ösüşi ýaly meselelere garalar.
Şeýle hem döwletleriň, halkara guramalaryň we hususy pudagyň hyzmatdaşlygynyň durnukly şäher özgertmeleriň depginini ýokarlandyrmakdaky orny aýratyn belleniler. Gatnaşyjylar ykdysady ösüşi, ekologik durnuklylygy we tehnologik döwrebaplaşdyrylyşy utgaşdyrýan toplumlaýyn çemeleşmeleri ara alyp maslahatlaşarlar.
Forumyň esasy strategiki çäreleriniň biri «Durnukly, akylly we dünýä bilen baglanyşykly paýtagty kemala getirmek» atly plenar mejlis bolar. Onuň dowamynda Aşgabat şäheriniň geljekki ösüşine gönükdirilen uzak möhletleýin çemeleşmeler hödürlener. Bu ýerde infrastruktura döwrebaplaşdyrylyşy, senagat ösüşi, häzirki zaman energetika ulgamlary, sanly dolandyryş, «akylly» şäher tehnologiýalary hem-de durnukly şäher ekoulgamlary esasy üns merkezinde bolar.
Plenar mejlis şäherleriň geljegini ösdürmekde halkara hyzmatdaşlygyň, maýa goýum mehanizmleriniň ornuny ara alyp maslahatlaşmak üçin hem meýdança bolar. Şeýle-de häzirki zaman infrastruktura we şäher gurluşyk çözgütleriniň özara baglanyşygy güýçlendirmäge, ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmaga hem-de şäher ýaşaýşynyň hilini ýokarlandyrmaga nähili täsir edip biljekdigi aýratyn seljeriler.
Forumyň ikinji güni şäher özgertmeleriniň amaly we täjirçilik taraplaryna bagyşlanar. Tematiki bölümçeleriň we ýöriteleşdirilen diskussiýalaryň çäklerinde maliýeleşdiriş we maýa goýumlar, gurluşyk ekoulgamlary, senagat ösüşi, durnukly gurluşyk tehnologiýalary, häzirki zaman şäher energetika ulgamlary, inženerçilik çözgütleri, innowasiýalar, işgärleri taýýarlamak hem-de döwrebap şäher gurşawyny kemala getirmek ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.
Ara alnyp maslahatlaşmalaryň maksady döwlet düzümleriniň, halkara maliýe guramalarynyň, ösüş institutlaryň we hususy pudagyň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdan, şeýle hem täze maýa goýum mümkinçilikleriniň we uzak möhletleýin infrastruktura hyzmatdaşlygynyň emele gelmegine ýardam bermekden ybaratdyr.
Işewürlik maksatnamasy bilen bir hatarda, ikitaraplaýyn duşuşyklar we işewürler gepleşikleri hem geçiriler.
Forumyň sergi böleginde häzirki zaman gurluşyk, binagärlik, inženerçilik ulgamlary, energetika infrastrukturasy, senagat, şäher hyzmatlary hem-de sanly tehnologiýalar ugurlarynda taslamalar, tehnologiýalar we çözgütler hödürlener. Halkara kompaniýalar we guramalar durnukly we «akylly» şäher ösüşiniň häzirki dünýä tendensiýalaryny şöhlelendirýän başlangyçlaryny görkezerler.







