Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy ýurduň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni bilen gutlady.
Gahryman Arkadagymyz asyrlaryň dowamynda kemala gelen milli döwletliligimizi, beýik ösüşlerimizi dabaralandyrýan bu gymmatlyklaryň şanyna tutulýan toýlaryň eziz Watanymyza çuňňur söýgini we döwlet nyşanlarymyza buýsanç duýgusyny has-da artdyrmakda uly ähmiýete eýe boljakdygyna pugta ynam bildirdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň bellemegine görä, Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy bellenilýän ýylda bu şanly sene aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň milli gymmatlyk hökmündäki ornuny has-da pugtalandyrmak maksady bilen, Aşgabat şäherinde Konstitusiýa binasy, Baş baýdak meýdançasy, Arkadag şäherinde, welaýat merkezlerinde, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda baýdak meýdançalary döredildi. Bu ajaýyp baýrama gabatlanyp, eziz Watanymyzyň ösüşine, döredijilikli içeri we daşary syýasatyna, ähli ulgamlarda giňden ýaýbaňlandyrylan oňyn özgertmelere gönükdirilen milli maksatnamalaryň ähmiýetine bagyşlanan maslahatlary, medeni-jemgyýetçilik çärelerini geçirmek asylly däbe öwrüldi.
««Adam edebinden tanalar, ýurt — tugundan» diýlişi ýaly, häzirki zaman syýasy-jemgyýetçilik gatnaşyklarynda döwletleriň we halklaryň gadymy taryhyndan, ýörelgelerinden ruhlanyp döredilen milli nyşanlara aýratyn orun degişlidir. Biziň Konstitusiýamyz we ýaşyl tugumyz hem Zeminde Türkmenistanyň berkarar döwlet, türkmen halkynyň bolsa agzybir millet hökmünde tanalmagyny we ykrar edilmegini şertlendirýän milli buýsanjymyzdyr, mertebämizdi», diýip, Gahryman Arkadagymyz öz Gutlagynda ýazdy we Baýdagyň türkmen halkynyň özbaşdak döwlet bolmak baradaky amala aşan iň beýik arzuwynyň nyşanydygyny aýtdy.
«Goý, Türkmenistanyň Konstitusiýasy baky bagtyýarlygymyzyň şuglasy bolup, döwletlilik binýadymyzy has-da berkitsin! Ýaşyl baýdagymyz bolsa geljekki üstünliklerimiziň we rowaçlyklarymyzyň buşlukçysy hökmünde elmydama belentde parlasyn!», diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri öz Gutlag Hatyny jemledi.







