Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny ýurduň Konstitusiýasynyň hem-de Döwlet baýdagynyň güni bilen gutlady.
Türkmenistanyň Prezidenti öz Gutlagynda adamy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy diýip ykrar edýän Konstitusiýamyzyň hem-de Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň, agzybirligimiziň, jebisligimiziň ebedilik nyşany bolan Döwlet baýdagymyz biziň milli mukaddesliklerimizdigini belleýär.
«Esasy Kanunymyz biziň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyzyň, dünýäde giňden rowaçlanýan parahatçylyk söýüjiligimiziň, hoşniýetli goňşuçylygymyzyň, müňýyllyklardan gözbaş alýan milli ýörelgelerimiziň, demokratik taglymatlarymyzyň berk binýadydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu mukaddesliklerimize daýanyp, hukuk we dünýewi döwleti, adalatly raýat jemgyýetini gurýarys, giň möçberli durmuş-ykdysady, syýasy-hukuk özgertmelerini üstünlikli amala aşyrýarys», - diýip, Döwlet Baştutanymyz ýazdy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň aýtmagyna görä, eziz Watanymyzda gazanylýan ajaýyp üstünlikler, aýratyn-da, bu milli baýram mynasybetli Aşgabat şäherindäki Türkmenistanyň Konstitusiýa binasynda we Baş baýdak meýdançasynda, Arkadag şäheriniň, welaýat merkezleriniň hem-de «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň baýdak meýdançalarynda, ähli şäherdir obalarymyzda guralýan baý öwüşginli dabaralar mähriban halkymyzy uly üstünliklere ruhlandyrýar, agzybirligimizi has-da pugtalandyrýar.
«Biz Esasy Kanunymyzyň ynsanperwer ýörelgelerine esaslanyp, şeýle hem milli guwanjymyza öwrülen ýaşyl tugumyzy parladyp, Garaşsyz döwletimiziň iň täze taryhyny döredýäris. Güneşli ýurdumyzyň parahat we bagtyýar geljegi üçin jebislikde ägirt uly işleri durmuşa geçirip, dünýä derejesinde ykrar edilýän ýokary ykdysady üstünliklere eýe bolýarys», diýip, Türkmenistanyň Prezidenti nygtady.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz türkmen halkyna berk jan saglyk, asuda we abadan durmuş, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw etdi.







