Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 15-nji maýda geçirilen birža söwdalarynda içerki bazarda «Türkmennebit» döwlet konserniniň önümlerini satyn almak boýunça geleşikler baglaşyldy.
Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserni bilen «SN-350» kysymly başlangyç ýagyny satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar.
Şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 15-nji maýda geçirilen birža söwdalarynda içerki bazarda
birinji hilli arassalanan pagta ýagy we birinji hilli bugdaý uny ýerlenildi.
Daşarky bazarda Özbegistanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) telekeçileri «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen kükürtsizlendirilen dizel fraksiýasyny satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar.
Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 61 615 000 manada we 1 042 000 ABŞ dollaryna deň bolan 5 geleşik baglaşyldy.







