14-nji maýda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli «Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Döwlet baýdagy halkymyzyň gadymylygyny we berkararlygyny alamatlandyrýan gymmatlyklarydyr» atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi.
Maslahatda umumy mejlisinde çykyş edenler ýurduň döwlet nyşanlarynyň taryhy ähmiýetliligi, Türkmenistanyň Konstitusiýasyny berjaý etmegiň wajyplygy barada gürrüň berdiler.
Umumy mejlisden soň ylmy-amaly maslahat öz işini soňra 8 sany bölümçelerde dowam etdirdi. Işjeň ýagdaýda geçen maslahatda çykyş edenler bilen diňleýjileriň arasynda sorag-jogaplar we gyzykly pikir alyşmalar boldy.







