Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 14-nji maýda geçirilen birža söwdalarynda içerki bazarda «Türkmennebit» döwlet konserniniň önümlerini satyn almak boýunça geleşikler baglaşyldy.
Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserni bilen «SN-600» kysymly başlangyç ýagyny satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar.
Şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 14-nji maýda geçirilen birža söwdalarynda içerki bazarda nah mata ýerlenildi.
Gyrgyzystanyň telekeçileri türkmen işewürlerinden nah ýüplügini satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar.
Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 8 510 000 manada we 1 516 000 ABŞ dollaryna deň bolan 3 geleşik baglaşyldy.







