GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Tatarstana resmi sapary: ugur hyzmatdaşlygy giňeltmeklige tarap
14.05.2026

13-nji maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna sapar bilen ugrady.

Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň we onuň Diwanynyň jogapkär ýolbaşçylarynyň ugratmagynda Maslahat köşgünden paýtagtymyzyň Halkara howa menziline tarap ýola düşdi.

Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Liderini ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Olar Milli Liderimiziň saparynyň şowly bolmagyny we onuň dowamynda geçiriljek gepleşikleriň üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.

Birnäçe sagatdan Gahryman Arkadagymyzyň uçary Kazanyň Türkmenistanyň, Russiýa Federasiýasynyň hem-de Tatarystanyň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Gabdulla Tukaý adyndaky Halkara howa menziline gondy. Haly düşelen ýodajygyň ugrunda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzülipdir. Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Liderini Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow hem-de ýurdumyzyň resmi wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar.

Günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Kazan Kremline bardy. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzy Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow mähirli garşylady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilelikde Kazan Kremliniň töweregini synladylar. Soňra Gahryman Arkadagymyz bilen Tatarystanyň Baştutanynyň arasynda ikiçäk duşuşyk geçirildi.

Rustam Minnihanow belent mertebeli türkmen myhmanyny ýene bir gezek mähirli mübärekläp, çakylygy kabul edendigi üçin Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna hoşallyk bildirdi we köp ýyllaryň dowamynda durnukly ösdürilýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ähmiýetini belledi.

Gahryman Arkadagymyz çakylyk hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygyny beýan edip, Türkmenistany we Tatarystany çuňňur taryhy kökleriň, medeni-ruhy gymmatlyklaryň umumylygynyň baglanyşdyrýandygyny aýtdy.

Dostlukly ýurduň Baştutany türkmen-rus strategik hyzmatdaşlygynyň möhüm bölegi bolan sebitara dialogy ösdürmäge berýän yzygiderli ünsi we goldawy üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, özara hormat goýmak, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki derejesini kanagatlanma bilen belledi.

Söhbetdeşler dürli pudaklarda durmuşa geçirilýän bilelikdäki taslamalaryň netijelerine aýratyn üns berip, gatnaşyklaryň gerimini giňeltmegiň möhümdigini tassykladylar. Yzygiderli amala aşyrylýan ýokary derejeli saparlardyr duşuşyklar hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemäge itergi berýär.

Ikiçäk duşuşyk tamamlanandan soňra, iki ýurduň wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowyň arasynda resmi duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň öňüsyrasynda wekiliýet ýolbaşçylary iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde ýadygärlik surata düşdüler.

Rustam Minnihanow çakylygy kabul edendigi üçin belent mertebeli myhmana ýene bir gezek hoşallyk bildirip, Tatarystanda Gahryman Arkadagymyzyň şu gezekki saparyna dostlukly gatnaşyklaryň mizemezliginiň we strategik hyzmatdaşlygyň nobatdaky subutnamasyna öwrülýän ähmiýetli waka hökmünde garalýandygyny nygtady.

Şeýle-de ol türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan binýady goýlup, häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň iki halkyň bähbidine tagallalary utgaşdyrmak üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat edýändigini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyza mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Rustam Minnihanow Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek boýunça öňe sürýän başlangyçlarynyň ähmiýetine ünsi çekdi.

Gahryman Arkadagymyz çakylyk we myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirip, Kazanda geçirilýän halkara forumlara gatnaşmagyň türkmen tarapy üçin asylly däbe öwrülendigini, Tatarystanyň paýtagtynyň bolsa hemişe aýratyn hormat we ýürekdeşlik bilen garşylaýandygyny belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Rustam Minnihanowa iberen mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy şu günler geçirilýän «Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum — 2026» XVII halkara ykdysady forumynyň Tatarystanyň barha artýan halkara abraýyna şaýatlyk edýändigini aýtdy hem-de Kazanyň şu ýylda «Yslam dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli Rustam Minnihanowy we Tatarystanyň halkyny tüýs ýürekden gutlap, bu forumyň üstünlikli geçmegini arzuw etdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri ýurdumyzyň wekiliýetiniň şu gezekki saparynyň Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň möhüm bölegi bolan ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmäge uly goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Türkmenistanyň şeýle forumlara işjeň gatnaşýandygyny, däp bolşy ýaly, ýurdumyzyň nobatdaky foruma milli pawilýony bilen gatnaşmagynyň hem muňa aýdyň şaýatlyk edýändigini nygtady. Söhbetdeşligiň dowamynda iki halkyň doganlyk gatnaşyklarynyň köpasyrlyk däplere, ruhy-medeni umumylyga, özara hormat goýmaga esaslanýandygy, ýokary derejedäki yzygiderli duşuşyklaryň ulgamlaýyn hyzmatdaşlygyň binýady bolup durýandygy bellenildi.

Şeýle hem sanlylaşdyrmak, ýokary tehnologiýalar ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryna aýratyn üns berildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Russiýanyň IT merkezi hökmünde Tatarystanyň tejribesine ýurdumyzda uly gyzyklanma bildirilýändigini we tehnoparklar, ykdysadyýete sanly çözgütleri ornaşdyrmak boýunça ýola goýlan hyzmatdaşlyga ýokary baha berilýändigini belledi. Şunuň bilen bir hatarda, nebitgaz, senagat, ulag-logistika ulgamlarynda hyzmatdaşlyk üstünlikli ösdürilýär. Aşgabadyň hem-de Kazanyň arasyndaky yzygiderli amala aşyrylýan howa gatnawlary işewürlik we ynsanperwer gatnaşyklary işjeňleşdirýän möhüm şert hökmünde görkezildi. Ynsanperwer ulgam özara gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolmagynda galýar. Häzirki wagtda Tatarystanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinde türkmen talyplarynyň müňlerçesi bilim alýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri bilim edaralarynyň arasyndaky göni gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň zerurdygyny nygtap, «Tatar gyzy — 2026» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryny Aşgabatda geçirmegiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy. Tatarystan Respublikasynyň Baştutany ikitaraplaýyn medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ähmiýetini belläp, Gahryman Arkadagymyzyň bu teklibini goldaýandygyny aýtdy.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri hem-de Tatarystan Respublikasynyň Baştutany şu gezekki saparyň Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly goşant goşjakdygyna ynam bildirip, iki ýurduň doganlyk halklaryna parahatçylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kazana sapary dowam edýär.