Türkmenistanyň Lebap welaýatynda depginli ösýän ugurlaryň biri-de nebitgaz pudagydyr. Soňky iki aýdan bäri bu pudakdaky önümçilikde okgunly ösüş hasaba alynýar. Mysal üçin, geçen ýylyň degişli döwründe welaýatdaky gazly ýataklardan «mawy ýangyjyň» 7 milliard 997,9 million kub metri çykarylan bolsa, üstümizdäki ýylda önümçilik 8 milliard 144 million kub metre ýetdi.
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda 186 müň tonna nebit gaýtadan işlenildi. Munuň özi geçen ýylyň degişli döwründäkiden 8 müň tonna golaý köpdür. Önümçiligiň artyş depgini bolsa 4,5 göterime golaýlaýar.
Bu pudakdaky esasy ösüş dizel ýangyjynyň we suwuklandyrylan gazyň önümçiliginde göze ilýär. Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda geçen dört aýda dizel ýangyjynyň 47 müň tonnadan gowragy öndürilip, 12 göterime golaý ösüş gazanyldy.
Suwuklandyrylan gazyň önümçiligindäki ösüş dört aýyň jeminde-de rekordy özünde saklady. Şu ýylky önümçilik geçen ýylyň degişli döwründäkiden 2,2 esse köp. Geçen ýylyň degişli döwründe welaýatda 9,5 müň tonna golaý suwuklandyrylan uglewodorod gazy öndürilen bolsa, şu ýylky önümçilik 30 müň tonnadan hem geçdi. Pudakda nebit bitumynyň önümçiliginde 4 göterimlik ösüş gazanyldy.







