GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda «Türkmennebit» döwlet konserni bilen geleşikler baglaşyldy
14.05.2026

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 13-nji maýda geçirilen birža söwdalarynda içerki bazarda «Türkmennebit» döwlet konserniniň önümlerini satyn almak boýunça geleşikler baglaşyldy.

Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserni bilen «SN-350» we «SN-600» kysymly başlangyç ýaglaryny satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar.

Daşarky bazarda Türkiýe Respublikasynyň işewürleri türkmen telekeçileri bilen çig ýüpegi satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar.

Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 21 225 000 manada we 60 000 ABŞ dollaryna deň bolan 3 geleşik baglaşyldy.