Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 12-nji maýda geçirilen birža söwdalarynda içerki bazarda «Türkmennebit» döwlet konserniniň önümlerini satyn almak boýunça geleşikler baglaşyldy.
Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserni bilen «SN-350» kysymly başlangyç ýagyny satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar.
Daşarky bazarda Özbegistanyň telekeçileri türkmen işewürleri bilen pagta ýagynyň çökündisiniň ýagly turşulygyny satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar. Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) işewür toparlarynyň wekilleri Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginden buýan köküniň gury ekstraktyny satyn aldylar.
Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 27 000 000,00 manada we 235 500,00 ABŞ dollaryna deň bolan 5 geleşik baglaşyldy.







