Türkmenistanda 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygy bellenildi. Şu mynasybetli Aşgabat şäherinde ýerleşýän «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna gül goýmak dabarasy boldy.
Irden häzirki we geljek nesilleriň nurana geljeginiň hatyrasyna wepat bolanlary hatyralamak üçin Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýerine ýetiriji direktory, Mejlisiň wekilleri, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, talyplar hem-de paýtagtymyzyň köp sanly ýaşaýjylary “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynyň öňündäki meýdança ýygnandylar. Harby orkestriň ýerine ýetirmeginde Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlandy.
«Ruhy tagzym», «Milletiň ogullary», «Baky şöhrat» ýadygärliklerine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan ajaýyp gül çemeni goýuldy. Soňra çärä gatnaşyjylar ýadygärligiň etegine gül desselerini goýdular.
Bu çäre diňe bir taryhymyza we gahryman pederlerimize goýulýan belent sarpany alamatlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, halkymyzyň agzybirliginiň we jebisliginiň nyşanyna öwrüldi.
1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda wepat bolan milli gahrymanlarymyzyň hormatyna bina edilen ýadygärliklere gül goýmak dabaralary Beýik Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeklerinde geçirildi. Welaýatlaryň we etraplaryň merkezlerindäki konsert meýdançalarynyň ählisinde döredijilik toparlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Ýeňiş gününiň şanyna guralan medeni çäreler ildeşlerimiziň Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyza bolan buýsanjyny has-da artdyrdy.







