GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Halkara nebit we gaz uniwersitetinde hukuk we ýaş nesli terbiýelemek boýunça duşuşyk geçirildi
07.05.2026

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede Türkmenistanyň Mejlisinden, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginden, Türkmenistanyň Baş prokuraturasyndan, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetinden, Türkmenistanyň Bilim ministrliginden, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginden, Türkmenistanyň Demokratik partiýasyndan, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Milli Merkezinden, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşinden gelen wekiller çykyş etdiler.

Bellenilişi ýaly, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Türkmenistanyň Konstitusiýasyny, kanunlaryny, tertip-düzgüni berjaý etmeklige, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatyny düşündirmeklige hem-de kanun bozulmalaryň öňüni almaklyga aýratyn üns berilýär.

Çykyşlarda ýaş nesilde watansöýüjilik, ahlaklylyk ýaly häsiýetleriň kemala gelmeginde nesilden-nesle geçirilip gelinýän däp-dessurlaryň hem-de ata-babalarymyzyň baý medeni mirasynyň möhüm orun eýeleýändigi nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, milli ahlak kadalaryna eýermek, asyllylygy we salyhatlylygy gorap saklamak häzirki zaman ýaşlary üçin görelde bolup hyzmat edýär. Mundan başga-da, çykyş edenler tarapyndan talyplaryň internet ulgamyndan maksadalaýyk peýdalanmagy, jemgyýetçilik ýerlerinde özüňi alyp barmagyň düzgünleri, şeýle hem ýurduň awtomobil ýollarynda we köçelerinde ýol hereketiniň düzgünleriniň berjaý edilmegi barada gürrüň edildi.