Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary Yslam Haýytmuhammedow we Halmyrat Myratgeldiýew Demirgazyk ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen 12-nji Halkara matematika bäsleşiginde (12th Northern Countries Universities Mathematical Competition NCUMC-2026) şahsy hasapda ikinji oruna mynasyp buldular.
Bäsleşik 26-28-nji aprel aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherindäki Maglumat tehnologiýalar, mehanika we optika Milli barlag uniwersitetiniň başlangyjy bilen geçirildi.
Türkmen wekiliýetinden başga-da, bu abraýly bäsleşige Awstriýa Respublikasynyň, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň, Polşanyň, Sloweniýanyň, Italiýanyň, Ispaniýanyň, Germaniýanyň hem Fransiýanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşdylar.







