Aşgabatdaky nebitgaz senagatynyň işgärleriniň ýaşaýyş toplumynda sport hepdeligi geçirildi. Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi tarapyndan guralan bäsleşiklere «Türkmennebit», «Türkmengaz» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň türgenleri we sporta höwesjeň ýaşlary gatnaşdylar.
Nebitgaz toplumynyň döwrebap desgalarynda sportuň 9 görnüşi (stoluň üstünde oýnalýan tennis, uly tennis, küşt, şaşka, düzzüm, tanap çekmek, ýaglyga towusmak, daş götermek, darts) boýunça bir hepde dowam eden bäsleşikler diýseň gyzgalaňly hem çekeleşikli boldy we sagdyn durmuşy ýörelge edinen ýaşlar üçin sport baýramçylygyna öwrüldi. Türgenleri saýlamaklyga, kämilleşdirmeklige, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmeklige, işgärleriň agzybirligini, özara gatnaşyklaryny berkitmeklige gönükdirilen sport çärelerine şu ýyl höwesjeňleriň has köp gatnaşandygyny bellemelidir. Munuň özi Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň sporty we bedenterbiýäni ösdürmeklige uly üns berýändiginiň, onuň türkmen halkynyň arasynda giň goldaw tapýandygynyň, sagdyn durmuşyň ýurdumyzda barha çuň kök urýandygynyň subutnamasydyr.
Nebitgaz toplumynda uly ruhubelentlikde şowhunly hem çekeleşikli geçen ýaryşlar ökdeleri saýlady. Ýeňijilere guramaçylar tarapyndan Hormat hatlary we sowgatlar gowşuryldy.







