Yslamabat şäherinde Türkmenistanyň Päkistan Yslam Respublikasyndaky ilçisi Atajan Möwlamowyň Päkistanyň HabibMetro Bank täjirçilik bankynyň wekiliýeti bilen duşuşygy geçirildi. Wekiliýete bankyň Daşary ýurt wekilhanalary bilen hyzmatdaşlyk bölüminiň başlygy Fatima Zehra ýolbaşçylyk etdi. Bu barada Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasynyň web sahypasynda habar berilýär.
Taraplar maliýe-bank ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini, şol sanda hasaplaşyk mehanizmlerini kämilleşdirmek we bilelikdäki taslamalary goldamak bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Banklaryň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmaklyga aýratyn üns berildi. Bu bolsa işewürlik üçin şertleriň gowulanmagyna we maýa goýum işjeňligini höweslendirmäge ýardam etjekdigi bellenildi.
Duşuşygyň netijeleri boýunça hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary boýunça gepleşikleri dowam etdirmäge we yzygiderli gatnaşyklary saklamaga gyzyklanmalaryny tassykladylar.







