GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanda ECO-93 kysymly benziniň önümçiliginde ösüş hasaba alyndy
01.05.2026

Türkmenistanda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çäginde ýerleşýän gazdan benzin öndürýän zawodyň işgärler düzümi şu ýyly ýokary önümçilik görkezijileri bilen tamamlamak üçin zähmet çekýärler. Dünýäniň ilkinji gazhimiýa zawodynda şanly ýylyň geçen üç aýynda gazanylan önümçilik görkezijileri muňa şaýatlyk edýär.

Şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda zawodda 153 million 610 müň manada golaý önüm öndürildi. «Türkmenistan» gazetiniň habar bermegine görä, bu görkeziji, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, zawodyň önümçilik işinde iki esseden hem gowrak, ýagny 217,1 göterim ösüş depgininiň üpjün edilendigini görkezýär.

Zawodyň esasy önümi tebigy gazy gaýtadan işlemek arkaly çykarylýan ECO-93 kysymly benzindir. Degişli döwürde ol ýerde öndürilen ýokary hilli we ekologiýa talaplaryna kybap gelýän önüm baglaşylan şertnamalar esasynda sarp edijilere ugradyldy.