GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmen-hytaý işewürler forumy: strategik hyzmatdaşlygyň täze sepgitleri
30.04.2026

29-njy aprelde Aşgabatdaky Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi. Onuň dowamynda Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda dürli ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Işewürler forumynyň çäklerinde oňa gatnaşyjylara hemmetaraplaýyn strategik häsiýete eýe bolan türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň ösüşi baradaky wideoşekiller görkezildi.

Forumyň «Hyzmatdaşlyk, ynam, ösüş: türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň täze tapgyry» ady bilen geçirilen plenar mejlisinde çykyş edenler döwletara gatnaşyklaryň ykdysady görkezijileri, ýurdumyzda döredilen amatly maýa goýum mümkinçilikleri barada giňişleýin durup geçdiler. Nygtalyşy ýaly, Hytaý köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň iň iri daşary söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolup gelýär. Iki ýurduň durnukly ösüşi, önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmaga gönükdirýän iri maýa goýumlary haryt dolanyşygyny diwersifikasiýalaşdyrmak, eksport ugurly harytlaryň görnüşlerini giňeltmek babatda giň mümkinçilikleri açýar. Mundan başga-da, ýurdumyzyň çäklerinde hytaý maýasynyň gatnaşmagynda bilelikdäki iri taslamalaryň onlarçasy durmuşa geçirildi.

Ýurtlarymyz diňe ikitaraplaýyn görnüşde däl, eýsem, iri halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Çykyş edenler Türkmenistanyň dünýäde üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň ähmiýetini belläp, Merkezi Aziýa sebitinde möhüm orny eýeleýän ýurdumyzyň parahatçylyk döredijilikli syýasatyna ýokary baha berdiler.

Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda däp bolan hyzmatdaşlygy ösdürmegiň esasy ugurlary ýörite mejlislerde giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy. «Ýangyç-energetika pudagynda hyzmatdaşlygyň täze tapgyry» atly mejlisde ýurtlarymyzyň özara söwda dolanyşygynyň möhüm bölegini düzýän pudakda durmuşa geçirilen we badalga berlen taslamalar barada giňişleýin durlup geçildi. Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden netijeli peýdalanmak ara alyp maslahatlaşmalaryň wajyp ugurlarynyň biri boldy. Türkmenistan energetikanyň däp bolan gazylyp alynýan görnüşleri bilen birlikde, «ýaşyl» energetikany yzygiderli ösdürmegi-de maksat edinýär. Şunuň bilen baglylykda, ekologik taýdan arassa gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini, esasan-da, Gün we ýel energiýalaryny netijeli peýdalanmakda özara hyzmatdaşlyk etmek babatda uly mümkinçilikler bar. Mejlisde ýangyç-energetika pudagy üçin ýöriteleşdirilen tehnikalar bilen üpjünçilikde, gazhimiýa pudagynyň infrastrukturalaryny döwrebaplaşdyrmakda özara gatnaşyklar üçin açylýan mümkinçilikler beýan edildi.

«Senagat we gurluşyk: ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri» atly mejlisde ýurdumyzyň ähli ýerini gurşap alan iri gurluşyklarda, hususy önümçilik toplumlarynda Hytaýda öndürilen tehnikalardan peýdalanmagyň mümkinçilikleri giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, türkmen telekeçileriniň uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga, kärdeşleri bilen dialogy giňeltmäge, olaryň üstünlikli tejribesini ulanmaga, häzirki zaman iş dolandyryş usullaryny we çözgütlerini ornaşdyrmaga taýýardyklary bellenildi. Iki ýurduň haryt öndürijileriniň we hyzmatlary ýerine ýetirijileriň bilelikdäki sergilerini geçirmek, bilelikdäki işewürler forumlaryny guramagy yzygiderli esasda ýola goýmak bu işiň möhüm bölegi bolup durýar.

«Ýewraziýa geçelgesi: täze netijeli logistika ekoulgamynyň kemala gelmegi» atly mejlisde ulag-logistika pudagynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň «Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek» strategiýasynyň hem-de Hytaýyň «Bir guşak, bir ýol» başlangyjynyň üstünlikli durmuşa geçirilişinde, ýük akymlarynyň artdyrylmagynda iki ýurduň işewür toparlarynyň uly goşandy bar.

«Sanly ösüş: «akylly» we özara baglanyşykly geljegi döretmek» atly mejlisde bellenilişi ýaly, ählumumy ykdysady, tehnologik we ekologik ýagdaýlar, dünýä jemgyýetçiliginiň durmuşynda internet-aragatnaşyk ulgamynyň, ýagny internet hyzmatlarynyň we söwdanyň ornunyň barha artmagy «akylly» şäherlere bolan gyzyklanmalary artdyrýar. Munuň özi şäherleriň meýilleşdirilmeginde ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has ýeňilleşdirilmegini, howpsuzlygyň üpjün edilmegini ileri tutýan «akylly» tehnologiýalaryň ähmiýetini ýokarlandyrýar. Çykyş edenler programma üpjünçiliklerini taýýarlamakda, emeli aň boýunça hyzmatdaşlyk etmek babatda gyzyklanmalaryny beýan etdiler.

«Oba hojalyk toplumynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň mümkinçilikleri» atly mejlisde serişde tygşytlaýjy ekerançylyk we ýyladyşhana toplumlaryny döretmekde, pudagyň tehniki üpjünçiliginde hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri barada durlup geçildi.

Forumyň dowamynda ykdysadyýetiň, maýa goýumlaryň dürli ugurlaryndaky, ösen tehnologiýalar pudagyndaky gatnaşyklary täze derejä çykarmagyň ýollary, söwda dolanyşygyny giňeltmegiň mümkinçilikleri seljerildi hem-de bilelikde işlemek üçin anyk ugurlar kesgitlenildi.