28-nji aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Szi Şuminiň arasynda duşuşyk geçirildi.
Taraplar Txrkmenistan bilen Hytaýyň gaz pudagynda, ulag we logistika ulgamynda, şeýle hem mineral dökünleri öndürmek babatda hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar we kesgitlediler..
Şunuň bilen baglylykda, diplomatlar ýokarda agzalan ugurlarda taslamalary durmuşa geçirmek maksady bilen öňde duran bilelikdäki işleriň görnüşleri we mazmuny boýunça pikir alyşdylar.
Durmuş ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň, ilkinji nobatda bilim, ylym we saglygy goraýyş ugurlarynda hyzmatdaşlygyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.
Taraplar iki ýurduň ýolbaşçylarynyň beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi boýunça syýasy-diplomatik gepleşikleri yzygiderli we ulgamlaýyn esasda dowam etdirmek barada ylalaşdylar.







