GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanda Müsüriň täze ilçisi işe başlady
29.04.2026

Türkmenistanda Müsür Arap Respublikasynyň täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hamdy Şaaban Abdelhalim Mohamed resmi taýdan işe başlady. 28-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa ilçiden ynanç hatyny kabul etdi.

Diplomat türkmen topragynda mähirli garşylanylandygy üçin hoşallyk bildirip, Müsür Arap Respublikasynyň Prezidenti Abdel Fattah Al-Sisiniň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa iberen mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Ilçi Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeler hem-de iri taslamalar bilen tanyşdyryldy. Oňa şeýle hem Mejlisiň düzümi, ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň çäklerinde alyp barýan köpugurly işleri barada maglumat berildi.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň hem-de beýleki abraýly halkara düzümleriň çäklerinde ösdürilýän türkmen-müsür gatnaşyklarynyň dürli ugurlary boýunça pikir alşyldy.

Diplomat özara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegi ugrunda ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Düýn Daşary işler ministrliginde hem Müsür Arap Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşyk geçirilip, onda diplomat ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi