GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Nebitgaz pudagy ykdysady ösüşiň we daşary syýasy hyzmatdaşlygyň öň hatarynda
29.04.2026

«Türk­men­geo­lo­gi­ýa» döw­let kor­po­ra­si­ýa­synyň Merkezi önümçilik barlaghanasynda ykdysadyýetimiziň bu möhüm pudagynyň zähmetkeşleriniň gatnaşmagynda Türkmenistandaky syýasy ähmiýetli wakalara bagyşlanan maslahat geçirildi. Çykyşlarda aýdylyşy ýaly, ýakynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginiň çäginde geçirilen täze, döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabara­sy şu ýy­lyň möhüm wakalarynyň biri boldy. Maslahatda ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş şertlerini ýokarlandyrmaklyga gönükdirilen şunuň ýaly möhüm wakalaryň adamlaryň ruhuny galkyndyrýandygy, Ýolöten etrabynda täze, döwrebap şäherçäniň düýbüniň tutulmagynyň hem halkymyzyň abadan durmuşy baradaky aladanyň aýdyň güwäsidigi aýratyn nygtalyp geçildi.

«Türk­men­gaz» döwlet konserniniň Yl­my-bar­lag te­bigy gaz ins­ti­tu­tyn­da hem türkmen halkynyň Milli Lideriniň Awstriýa Respublikasyna saparyna bagyşlanan maslahat geçirildi.

Maslahatda çykyş edenleriň nygtaýşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň Awstriýa sapary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypany açyp, halkara giňişliginde ygtybarly hyz­mat­daş hök­mün­de Türk­me­nis­ta­nyň eýe­leýän ornuny tassyklady. Awstriýa Respublikasy bilen özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy uzakmöhletli we özara bähbitli taslamalary durmuşa geçirmek üçin berk binýat döredýär.