GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanyň «PETRONAS» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyna 30 ýyl dolýar
28.04.2026

Şu ýyl Türkmenistanyň Malaýziýanyň «PETRONAS» nebitgaz kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyna 30 ýyl dolýar. Bu

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Malaýziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mohd Suhaimi Bin Ahmad Tajuddin bilen duşuşygynda nygtaldy. Duşuşyk 27-nji aprelde Aşgabatda geçirildi.

Taraplar bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň netijeliligini tassykladylar. Köpsanly türkmen talyplar Malaýziýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýarlar. «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasy bilen baglaşylan ylalaşygyň çäklerinde «PETRONAS» Tehnologik uniwersiteti bilen netijeli gatnaşyklar alnyp barylýar. Şeýle hem, türkmen hünärmenleri Malaýziýanyň tehniki hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň ugry boýunça okuw maslahatlaryna gatnaşýarlar.

Duşuşygyň dowamynda öňde boljak ýokary döwlet we hökümet derejesindäki duşuşyklar bilen bagly meselelerine seredildi.