GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen-hytaý işewürler forumyna gatnaşyjylara Gutlag iberdi
28.04.2026

28-nji aprelde Aşgabatdaky Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi öz işine başlaýar. Şu mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bu foruma gatnaşyjylara Gutlag iberdi.

«Bu giň gerimli çäreleriň Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky dostluk, özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine oňyn itergi berjekdigine pugta ynanýaryn» diýip, döwlet Baştutanymyz Gutlagynyň başynda nygtaýar.

Gutlagda bellenilişi ýaly, Hytaý Halk Respublikasy Türkmenistanyň iri söwda-ykdysady hyzmatdaşy bolmak bilen, dürli ugurlarda, aýratyn-da, nebitgaz, ulag we logistika, aragatnaşyk, telekommunikasiýa, sanly tehnologiýalar, söwda dolanyşygy, ylym-bilim, syýahatçylyk ýaly ileri tutulýan ulgamlar boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklar yzygiderli giňeldilýär. «Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek» strategiýasynyň «Bir guşak, bir ýol» başlangyjy bilen utgaşdyrylmagy babatda durmuşa geçirilýän işler iki ýurduň ykdysadyýetleriniň ösdürilmeginiň möhüm şerti bolup çykyş edýär.

«Ak mermerli paýtagtymyzda geçirilýän Türkmen-hytaý işewürler forumynyň we sergisiniň iki ýurduň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly bolup, ylmy-tehniki, ýokary tehnologiýalar babatdaky hyzmatdaşlygyň dürli ugurlarda bar bolan ägirt uly mümkinçiliklerini açyp görkezmekde, häzirki zaman innowasiýalaryny, öňdebaryjy tejribäni alyşmakda netijeli boljakdygyna ynanýaryn» diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Gutlagynda belleýär.