GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Geçen hepde geçirilen birža söwdalarynda içerki we daşarky bazarlarda nebitgaz toplumynyň önümlerini satyn almak boýunça geleşikler baglaşyldy
27.04.2026

Geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet hayrt-çig mal biržasynda geçirilen birža söwdalarynda içerki we daşarky bazarlarda «Türkmennebit» we «Türkmengaz» döwlet konsernleriniň önümlerini satyn almak boýunça geleşikler baglaşyldy.

Içerki bazarda Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmengaz» döwlet konserni bilen pes hilli tehniki kükürdi satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar. «Türkmennebit» döwlet konserninden türkmen telekeçileri «TPP Z 30 G» we «TPP D 30 S» kysymly polipropileni, «BND 60/90» kysymly şepbeşik nebit ýol bitumyny satyn aldylar.

Daşarky bazarda Gonkong Ýörite administratiw sebitiniň telekeçileri «Türkmennebit» döwlet konserni bilen «SN-600» kysymly başlangyç ýagyny satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar. Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri hem bu konsernden «SN-600» kysymly başlangyç ýagyny satyn aldylar.

Şeýle hem geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet hayrt-çig mal biržasynda geçirilen birža söwdalarynda içerki we daşarky bazarlarda dokma önümlerini, çig ýüpegi, nah ýüplügini, birinji hilli bugdaý ununy, pagta süýümini, portlandsementi satyn almak boýunça geleşikler baglaşyldy.