Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde orta we orta hünär okuw mekdepleriniň uçurymlary, okuw merkezleriniň diňleýjileri, harby bölümleriň esgerleri, önümçilikde zähmet çekýän ýaşlar üçin «Açyk gapylar günleri» geçirildi. «Açyk gapylar günleri» ýokary okuw jaýynyň Balkanabatdaky bölüminde hem geçirildi.
Myhmanlar uniwersitetde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny ösdürmek boýunça alyp barýan syýasatynyň durmuşa geçirilişi, okuwlaryň guralyşy, taýýarlyk ugurlary, olara degişli hünärler barada maglumat aldylar. Şeýle hem ýaşlar ýokary okuw jaýynda alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik, medeni-köpçülik işleri hem-de talyplaryň okamaklary, ýaşamaklary medeniýetli dynç almaklary, sport bilen meşgullanmaklary üçin döredilen zerur şertler bilen tanyşdylar.







