24-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda degişli ministrliklerden we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan gelip gowşan teklipleriň esasynda “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja” atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda”, “Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň döwlet belligine alynmagy hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalaryny taýýarlamak, Türkmenistanyň Gümrük kodeksine, başga-da käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek, şeýle hem döwletimiziň halkara resminamalara goşulmagyny hukuk taýdan goldamak boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Daşary ýurtlar, halkara guramalar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek, döwletimiziň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli, ynsanperwer syýasatyny parlament diplomatiýasy arkaly dünýä ýaýmak maksady bilen, Mejlisiň wekilleri Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde geçirilen Parlamentara Birleşigiň 152-nji Assambleýasyna, onuň çäklerinde guralan forumlara we duşuşyklara gatnaşdylar. Şeýle-de zenanlaryň jemgyýetdäki orny, olaryň durmuş kepillikleri babatda tejribe alyşmak hem-de ýurdumyzyň bu ugurda gazananlaryny paýlaşmak maksady bilen, Merkezi Aziýa döwletleriniň zenan ýolbaşçylarynyň dialogynyň birinji mejlisine sanly ulgam arkaly gatnaşylandygy barada aýdyldy.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamak boýunça netijeli işleriň geçirilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi.
Soňra gözegçilik edýän toplumlarynda durmuşa geçirilýän işler, geçiriljek çärelere, şol sanda Türkmen bedewiniň milli baýramyna görülýän taýýarlyk barada hasabatlar bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň orunbasarlary çykyş etdiler. Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna birnäçe teklipler hem hödürlenildi. Türkmenistanyň Prezienti hödürlenen teklipleri makullady we Permanlardyr Kararlara gol çekdi.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.







