GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Birža söwdalarynda daşarky bazarda «Türkmennebit» döwlet konserniniň önümlerini satyn almak boýunça geleşikler baglaşyldy
25.04.2026

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 24-nji aprelde geçirilen birža söwdalarynda daşarky bazarda «Türkmennebit» döwlet konserniniň önümlerini satyn almak boýunça geleşikler baglaşyldy.

Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserni bilen «SN-600» kysymly başlangyç ýagyny satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar.

Türkmen telekeçilerinden Özbegistanyň işewürleri portlandsement satyn aldylar.

Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 16 563 000,00 ABŞ dollaryna deň bolan 2 geleşik baglaşyldy.