Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Nebit we gaz halkara uniwersitetinde «PETRONAS Çarigali (Turkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň we «PETRONAS» kompaniýasynyň Tehnologiýa uniwersitetiniň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektory Baýrammyrat Atamanow gatnaşyjylary uniwersitetiň gurluşy, ýokary okuw mekdebinde okadylýan dersler hem-de uniwersitetiň gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyrdy. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ylym-bilim ulgamyny döwrüň talaplaryna laýyklykda ösdürmek, ýaş nesliň bilim prosesine ylmyň hem-de bilimiň iň täze gazananlaryny ornaşdyrmak boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary we mugallymlary üçin nebitgaz pudagynda ulanylýan öňdebaryjy tehnologiýalar boýunça onlaýn kurslar geçirilýär. Mundan başga-da, uniwersitetiň talyplary Malaýziýadaky «PETRONAS» kompaniýasynyň Tehnologiýa uniwersitetinde yzygiderli tomusky önümçilik tejribeligine gatnaşýarlar.
2024-nji ýylyň 13-nji noýabrynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, «PETRONAS Çarigali (Turkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň we «PETRONAS» kompaniýasynyň Tehnologiýa uniwersitetiniň arasynda gol çekilen Özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň eýýäm dördünji ylalaşyk bolup, onuň ylym-bilim ulgamynda özara peýdaly hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge gönükdirilendigi bellenildi.
«PETRONAS Çarigali (Turkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň wekili Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen ylmy-barlag işlerini ösdürmäge gyzyklanma bildirilýändigini tassyklap, bilelikdäki ylmy taslamalary durmuşa geçirmek, halkara derejeli ylmy žurnallar üçin makalalary ýazmak we olarda çap etmek boýunça hyzmatdaşlygy ýola goýmagy teklip etdi. Şeýle hem wekiliň bellemegine görä, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde «PETRONAS» kompaniýasynyň Tehnologiýa uniwersitetiniň professorlarynyň gatnaşmagynda nebitgaz işi, geologiýa, himiki tehnologiýalary we sanly ulgamlar ýaly ugurlar boýunça okuw sapaklary dowam etdiriler.







