GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Aşgabatda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli halkara ylmy maslahat geçirildi
24.04.2026

23-nji aprelde S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty» atly XVIII halkara ylmy maslahat geçirildi.

Halkara maslahatyň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar ahalteke bedewleriniň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, haly önümlerinde, zergärçilikde, fotosuratlarda çeper beýan edýän döredijilik eserleriniň sergisini synladylar.

Soňra ýokary okuw mekdebiniň mejlisler jaýynda halkara ylmy maslahatyň umumy mejlisi öz işine başlady. Onda çykyş edenler Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli gutlaglaryny beýan etdiler. Nygtalyşy ýaly, Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy bellenilýän «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda bu baýramçylyk mynasybetli geçirilýän çäreler aýratyn many-mazmuna eýedir.

Çykyşlarda şöhratly ata-babalarymyzyň zähmetsöýerligi we zehini bilen bu täsin tohumy döredip, onuň arassalygyny saklap gelendiklerine üns çekildi. Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary esasynda müňýyllyklaryň jümmüşinden gözbaş alýan atçylyk sungatymyza kuwwatly itergi berildi. Ýurdumyzda ahalteke atlarynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak, olaryň baş sanyny artdyrmak we seleksiýa-tohumçylyk işleriniň hilini döwrebaplaşdyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi.

Maslahatyň dowamynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli, ýurdumyzyň atçylyk pudagyny ösdürmekde aýratyn tapawutlanan we saldamly goşandyny goşan atşynaslara «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany okaldy. Hormatly ada eýe bolanlar ata-babalarymyzdan miras galan milli atşynaslyk sungatymyzy ösdürmek babatda döwrebap şertleri döredýändikleri hem-de bu ugurda zähmet çekýän atşynaslara berýän ýokary bahasy üçin türkmen halkynyň Milli Liderine we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty» atly XVIII halkara ylmy maslahatda Ýewropanyň, şol sanda Germaniýanyň, Türkiýäniň abraýly atçylyk assosiasiýalarynyň ýolbaşçylarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň sanly ulgam arkaly eden çykyşlary hem diňlenildi. Olar dünýä atşynaslygynyň kemala gelmeginde möhüm orny eýelän ahalteke atlaryny ösdürip ýetişdirmek boýunça häzirki wagtda durmuşa geçirýän işleri, behişdi bedewiň keşbiniň türki we beýleki halklaryň medeniýetine ýetiren täsiri barada gürrüň berdiler. Daşary ýurtly wekiller ahalteke atlarynyň baş sanyny artdyrmak, seçgiçilik işini kämilleşdirmek, türkmen halkynyň gadymdan gelýän atşynaslyk sungatyny, bu ugurda durmuşa geçirilýän nusgalyk işleri dünýäde wagyz etmek boýunça ýurdumyzyň ugurdaş düzümleri bilen hyzmatdaşlyga taýýardyklaryny beýan etdiler.

Maslahatda ahalteke atlarynyň baş sanyny artdyrmak, ýurdumyzda bitýän dermanlyk ösümlikler arkaly olaryň immun ulgamyny berkitmek bilen bagly ylmy barlaglar, bedewiň nusgawy edebiýatdaky waspy baradaky çykyşlar hem diňlenildi. Halkara ylmy maslahatyň “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ahalteke bedewleriniň waspy”, “Ahalteke atlaryny weterinariýa talaplaryna laýyklykda saklamagyň, iýmitlendirmegiň we seýislemegiň aýratynlyklary”, “Ahalteke bedewiniň dünýä atşynaslygynda tutýan orny” atly bölümçelerinde edilen çykyşlar milli atşynaslyk sungatynyň geçen ýoluny we häzirki gazananlaryny hemmetaraplaýyn açyp görkezdi.

Foruma gatnaşyjylar «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda geçirilýän şeýle çäreleriň ýurdumyzda atşynaslyk pudagynda gazanylan üstünlikler bilen dünýä jemgyýetçiligini tanyşdyrmaga, tejribe alyşmaga, daşary ýurtlaryň assosiasiýalary we pudaklaýyn guramalary, hususy atşynaslar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam berýändigini nygtadylar. Halkara maslahatda behişdi bedewleriň gadymy mekanynda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeler, halkymyzyň abadan durmuşynyň bähbidine edilýän tagallalar üçin Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize hoşallyk sözleri beýan edildi.