GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistan we Malaýziýa nebitgaz pudagy üçin hünärmenleri taýýarlamak boýunça hyzmatdaşlygy güýçlendirýärler
24.04.2026

22-nji aprelde Türkmenistanyň Bilim ministrliginde ýurduň bilim ministri Jumamyrat Gurban­geldiýewiň Malaýziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mohd Suhaými Bin Ahmad Tajuddin, şeýle hem «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň we Petronas Tehnologiýa uniwersitetiniň wekiliýeti bilen duşuşygy geçirildi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar nebitgaz pudagy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerine aýratyn üns berdiler. Türkmenistanyň orta hünär-tehniki hem-de ýokary okuw mekdepleri bilen Petronas kompaniýasynyň bilim we ylmy-barlag düzümleriniň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde bellenildi.

Kompaniýanyň wekilleri dünýäniň 100-den gowrak döwletinde alnyp barylýan işleriň diňe bir tebigy baýlyklary netijeli özleşdirmäge däl-de, eýsem hyzmatdaş ýurtlarda adam maýasyny ösdürmäge hem gönükdirilendigini nygtadylar. Wekiliýetiň agzalary häzirki wagtda durmuşa geçirilýän bilim maksatnamalary, şol sanda hünär-tehniki taýýarlyk we hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça gysga möhletli okuwlary barada maglumat berdi.

Şu nukdaýnazardan, Petronas Tehnologiýa uniwersiteti (Universiti Teknologi PETRONAS), Petronas Nebit tehnologiýalary instituty, «Alam» Deňiz akademiýasy, şeýle hem «Petronas Leadership Centre», «Yayasan PETRONAS» we «Petrosains» bilim merkezleri ýaly öňdebaryjy bilim we ylmy-barlag düzümleri bilen hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Petronas kompaniýasynyň talyp hakly maksatnamalarynyň netijesinde türkmen talyplary Petronas Tehnologiýa uniwersitetinde yzygiderli bilim almaga mümkinçilik alýarlar. Mundan başga-da, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen Petronas kompaniýasynyň arasynda hereket edýän ylalaşyga laýyklykda, her ýyl mugallymlaryň we talyplaryň alyş-çalşygy amala aşyrylýar.

Taraplar 2024-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa ilkinji resmi saparynyň dowamynda iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda birnäçe ylalaşyklara gol çekilendigini hem ýatlap geçdiler. Bu bolsa bilim ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm tapgyr boldy.