GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistan we Azerbaýjan energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegi ara alyp maslahatlaşdylar
24.04.2026

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Guwanç Agajanow Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Gismet Gezalow bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Azerbaýjanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň metbugat gullugy habar berýär.

Taraplar iki ýurduň arasynda energetika ulgamynda, şol sanda nebitgaz senagatynda gatnaşyklary häzirki ýagdaýyny we olary geljekde ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu babatda iki ýurduň baý mümkinçilikleri we serişdeleri göz öňünde tutuldy. Ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmek we energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmekde Bilelikdäki hökümetara toparyna aýratyn orun degişlidir.

Söhbetdeşler iki ýurduň arasynda ýokary derejedäki özara saparlaryň we gatnaşyklarynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegindäki möhüm ornuny nygtadylar.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň arasynda strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň hem-de doganlyk gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ähmiýetini bellediler.