Astanada öz işini tamamlan Sebitleýin ekologiýa sammitinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow howa tehnologiýalary boýunça sebit merkezini, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlary üçin çölleşmä garşy göreşmek boýunça sebit merkezini döretmek baradaky başlangyçlary bilen çykyş etdi.
Türkmenistanyň Prezidenti bu düzümleriň öz işini amala aşyrýan obýektlerine ýakyn ýerleşmeginiň ekologik töwekgelçiliklere we wehimlere has takyk, kämil, amaly tejribä daýanyp garşy durmaga, olaryň öňüni almagyň we ýeňip geçmegiň ýollaryny gözlemäge, milli düzümler bilen hyzmatdaşlygyň tejribesini toplamaga mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdi.
Döwlet Baştutanymyz howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirlerini peseltmek hem-de oňa uýgunlaşmak boýunça amaly çäreleriň görülmelidigini aýratyn nygtap, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda «ýaşyl» ösüş ýörelgelerini ilerletmegiň uly ähmiýete eýedigini, ekologik taýdan durnukly ösüş we döwrebap ekologik standartlary ornaşdyrmak meseleleri babatda sebit dialogyny işjeňleşdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Teklip edilýän başlangyçlaryň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin olary ilerletmegiň guralyny döretmek möhümdir. Hususan-da, öňe sürülýän teklipleri bilermenler derejesinde geçirilýän sebit we sebitara ekologiýa duşuşyklarynda, maslahatlarda deslapdan ara alyp maslahatlaşmak hem-de kämilleşdirmek maksadalaýyk hasaplanýar.
Hormatly Prezidentimiz serhetüsti suw serişdelerini rejeli we adalatly peýdalanmak meselesiniň aýratyn ünsi talap edýändigini aýdyp, bu meselede Türkmenistanyň resmi garaýyşlaryny beýan etdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyz serhetüsti derýalar we suw akymlary boýunça suw meseleleriniň şu üç esasy ýörelgäniň, hususan-da, suw meseleleri boýunça esasy konwensiýalaryň, beýleki halkara namalaryň berk berjaý edilmegi, serhetüsti derýalaryň ugrunda ýerleşýän ähli döwletleriň bähbitleriniň deň derejede göz öňünde tutulmagy, bu işe halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň giňden gatnaşmagy ýörelgeleriniň esasynda çözülmeginiň tarapdary bolup çykyş edýär.
“Sebitleýin ekologiýa forumynyň ylalaşykly çözgütleri işläp taýýarlamak üçin netijeli halkara meýdança öwrüljekdigine umyt edýäris. Taryhy we medeni ýakynlygymyz, ýurtlarymyzyň halklaryna hemişe mahsus bolan hoşniýetli goňşuçylyk, raýdaşlyk, özara goldaw bermek ruhy bizi şuňa borçlandyrýar. Şoňa görä-de, Türkmenistan hyzmatdaşlygyň bu formatynyň geljegine ýokary baha berýär. Şu gün biz öňümizdäki ulgamlaýyn işlere gowy itergi berjekdigimize umyt edýäris” diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz sözüni jemledi we hemmeleri Sebitleýin ekologiýa sammitiniň öz işine başlamagy bilen gutlap, netijeli pikir alyşmalary arzuw etdi.
Sammitiň netijeleri boýunça «Merkezi Aziýada ekologiýa raýdaşlygy» atly ekologiýa we durnukly ösüş babatda sebitleýin hyzmatdaşlyk hakynda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Jarnamasy kabul edildi.







