GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Zähmeti goramak — nebitgaz pudagynyň kärhanalarynda ileri tutulýan ugurdyr
23.04.2026

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutyndaky «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Merkezi önümçilik barlaghanasynda Türkmenistanyň nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi tarapyndan «Zähmeti goramak sagdyn we howpsuz iş şertleriniň girewidir» atly çäre geçirildi. Wagyz-nesihat duşuşygynda Türkmenistanyň nebitgaz senagaty toplumyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň başlygy Geldimyrat Seýtiýew, Ahal welaýatynyň we Aşgabat şäheriniň «Türkmenstandartlary» döwlet gullugynyň zähmeti we ýerasty baýlyklary goramak bölüminiň uly döwlet inspektory Maksat Pürçekow, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Merkezi önümçilik barlaghanasynyň zähmeti goraýyş we tehniki howpsuz­lyk bo­ýun­ça esa­sy in­že­ne­ri Baý­ram­gö­zel Italmazowa we beýlekiler çykyş etdiler.

Çykyşlarda bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli ugurlarynda, şol sanda nebitgaz toplumynyň mö­hüm pu­da­gynda — «Türk­men­geo­lo­gi­ýa» döwlet korporasiýasynda üstünlikli işlemäge amatly şertler döredilýär. Munuň özi dürli hünärdäki işgärleriň howpsuz, amatly şertlerde işlemegini şertlendirýär.

Şeýle duşuşyklar, maslahatlar aprel aýynyň dowamynda nebitgaz toplumynyň ähli edara-kärhanalarynda geçiriler.

 

Çeşme: «Nebit-gaz» gazeti