Ýagşygeldi Kakayew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby Gülaýym Amanowanyň taslamasy «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça startaplar» bäsleşiginde birinji orna mynasyp boldy.
Güläýim Amanowanyň iýmit galyndylarynyň biohimiki okislenmegi arkaly biogazyň çykarylyşyny netijeli ýokarlandyrmagyň usulyna bagyşlanan taslamasy «biomassa we bioenergiýa» ugrunda gatnaşdy.
Ýeňijileri sylaglamak dabarasy Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda geçirildi.
Bäsleşige hödürlenen taslamalaryň içinden geljegi uly taslamalaryň 53-si jemleýji tapgyra çykdy. Bilermenler topary üç ugur boýunça – «gün we ýel energiýasy», «biomassa we bioenergiýa» hem-de «energiýa tygşytlaýyş we sanly çözgütler» boýunça her ugurdan üç sany iň gowy startapy saýlap, jemi 9 ýeňijini kesgitledi. Olaryň arasynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary bolup, işjeň gatnaşandyklary we meseleleri çözmäge döredijilikli çemeleşendikleri üçin hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglanyldy.
Birinji tapgyryň ýeňijileri üçin baş baýrak – gaýtadan dikeldilýän energiýa ulgamynda öňdebaryjy halkara tejribesi bilen tanyşmak maksady bilen Germaniýa sapardyr.
«Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça startaplar» bäsleşigi Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty tarapyndan «Türkmenistanyň ýaşyl ösüşini goldaýan Ýewropa Bileleşigi: syýasy dialog we 2024–2029-njy ýyllar üçin howanyň üýtgemegine garşy hereketleri» maksatnamasy bilen hyzmatdaşlykda guraldy. Bu taslama Ýewropa Bileleşigi we Germaniýanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan bilelikde maliýeleşdirilýär hem-de Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti (GIZ) tarapyndan amala aşyrylýar.
Bu bäsleşik ýaş innowatorlar üçin ýaşyl geçişe goşant goşmaga mümkinçilik berýän meýdança boldy. Oňa Türkmenistanyň dürli künjeklerinden 18–30 ýaş aralygyndaky 100-den gowrak ýaş zehin – mekdep okuwçylary, talyplar we ýaş hünärmenler gatnaşdy.







