Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde «Ýaşasyn türkmen-hytaý dostlugy» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Maslahatynyň dowamynda Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlygyň birnäçe ugurlary, ýagny gaz pudagynda strategik hyzmatdaşlygyň 20 ýyllygy, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň çägindäki Türkmenistandaky Lu Ban ussahanasynyň dabaraly açylyşy, Türkmen-Hytaý energetika okuw merkezini döretmek hakynda Ylalaşyga gol çekilmegi, «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga berilmegi bilen bagly birnäçe çykyşlar diňlenildi.
Çykyş edenler Türkmenistandaky Lu Ban ussahanasynyň ýaş nesilleriň bilim almagy üçin döredilen giň mümkinçilikler üçin aýratyn minnetdarlyk bildirdiler. Döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen bu merkez türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň üstünlikli dowam etdirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Şunda esasy üns ylym-bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda 2023-nji ýylda baglaşylan Ähtnamanyň we bu resminamanyň çäklerinde durmuşa geçirilýän taslamalaryň ähmiýetine çekildi. 2026-njy ýylyň 16-njy aprelinde gol çekilen Türkmen-Hytaý energetika okuw merkezini döretmek baradaky Ylalaşyk hem bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň netijeli ösdürilýändigini görkezýär.
Maslahatyň çäklerinde döredijilik toparlaryň çykyşlaryna hem tomaşa edildi.
Umuman, geçirilen ähli çäreler Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklarynyň, özara hormatyň we ynanyşmagyň berk binýada eýedigini görkezýär. Şu mynasybetli, bu hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdürilmegine goşant goşýan ähli taraplara çuňňur hoşallygy bildirdiler.







