GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Birža söwdalarynda nebithimiýa önümlerini satyn almak boýunça geleşikler baglaşyldy
21.04.2026

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 20-nji aprelde geçirilen birža söwdalarynda içerki bazarda ýerli işewürler «Türkmengaz» döwlet konserniniň önümini satyn almak boýunça geleşikler baglaşyldy.

Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmengaz» döwlet konserni bilen pes hilli tehniki kükürdi satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar.

Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 21 600 000,00 manada deň bolan 6 geleşik baglaşyldy.