16-njy aprelde Aşgabatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, nebitgaz pudagynyň ýolbaşçy düzümleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we uniwersitetiň ýolbaşçylarynyň, professor-mugallymlarynyň, talyp ýaşlarynyň, şeýle hem Hytaý Halk Respublikasynyň döwlet wekiliýetiniň, bu ýurduň Türkmenistandaky ilçihanasynyň, Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmaklarynda Türkmenistandaky Lu Ban ussahanasynyň açylyş dabarasy geçirildi.
Şol gün “Türkmenistan-Hytaý Halk Respublikasy: gaz pudagynda strategik hyzmatdaşlygyň 20 ýyllygy” atly ylmy-amaly maslahatyň we türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyna bagyşlanan serginiň çäklerinde Hytaýyň Bilim ministrliginiň Hytaý-daşary ýurt dilleri alyş-çalyş we hyzmatdaşlyk merkeziniň (Hytaý Halk Respublikasy), Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň (Türkmenistan) we Hytaýyň nebit uniwersitetiniň (Pekin ş.) (Hytaý Halk Respublikasy) arasynda bilelikdäki Türkmen-Hytaý energetika okuw merkezini döretmek barada Ylalaşyga gol çekildi.
Lu Ban ussahanasy taslamasyny bilelikde amala aşyrmagy ilerletmek baradaky teklip Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran döwlet saparynyň dowamynda 2023-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda kabul edilen Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Bilelikdäki Beýannamasynda öňe sürüldi.
Şunuň bilen baglylykda, 2024-nji ýylyň 18-nji oktýabrynda Hytaý Halk Respublikasynyň Sian şäherinde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen Sian nebit uniwersitetiniň, Hebeý nebit hünär-tehniki uniwersitetiniň, Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň we Hytaýyň bilim ulgamynda halkara alyş-çalyş assosiasiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
Bu resminamanyň maksady Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Türkmenistandaky Lu Ban ussahanasyny döretmek we işini ýola goýmak, “Gazylyp alynýan peýdaly magdanlaryň geologiýasy we gözlegi” hem-de “Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary (nebitgaz pudagynda)” taýýarlyk ugurlary boýunça ýokary derejeli bakalawrlary we magistrleri taýýarlamak hem-de Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň “Internasional Ltd” Türkmenistandaky şahamçasynda we ýurdumyzyň nebitgaz toplumynda zähmet çekýän işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça okuwlary geçirmek bolup durýar.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen Hytaýyň Hebeý nebit hünär-tehniki uniwersitetiniň we Sianyň nebit uniwersitetiniň arasynda Türkmenistandaky Lu Ban ussahanasyny häzirki zaman gurnamalar we enjamlar bilen üpjün etmek taslamasyny durmuşa geçirmek hakynda baglaşylan Şertnama esasynda Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasy tarapyndan berlen muzdsuz grantyň hasabyna Türkmenistandaky Lu Ban ussahanasy sanly serişdeler (kompýuterler, programma üpjünçilikleri, serwerler, komutatorlar, monitorlar we ş.m.) we Geologiýa barlaghana enjamlary bilen doly enjamlaşdyryldy.
Türkmenistandaky Lu Ban ussahanasynda Hytaýyň hünärmenleri tarapyndan enjamlaryň we desgalaryň gurnama we sazlama işleri ýerine ýetirilip, sanly serişdeler we geologiýa barlaghana enjamlary boýunça yzygiderli okuwlar geçirildi.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde döredilen Türkmenistandaky Lu Ban ussahanasy iki ýurduň arasyndaky ylym-bilim ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmeklige, giňeltmeklige, hytaý dilini öwrenmek boýunça okuwlary gurnamaklyga, professor-mugallymlaryň, hünärmenleriň we işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmaklyga, professor-mugallymlary we talyplaryny alyşmaklyga, bilelikde okuw kitaplaryny, gollanmalary we monografiýalary taýýarlamaklyga ýardam berer.







