GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Halkara nebit we gaz uniwersitetinde geçirilen IV Halkara açyk informatika internet olimpiadasy 16 ýurtdan 793 talyby jemledi
20.04.2026

15–16-njy aprel aralygynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda IV Halkara açyk informatika internet olimpiadasy geçirildi.

Olimpiada 16 ýurduň 57 ýokary okuw mekdebinden 793 talyp gatnaşdy. Olaryň hatarynda Türkmenistan, Russiýa, Belarus, Gazagystan, Gyrgyzystan, Azerbaýjan, Özbegistan, Täjigistan, Hytaý, Germaniýa, Rumyniýa, Malaýziýa, Gruziýa, Türkiýe Respublikasy, Ermenistan, Saud Arabystany we Liwiýa döwletleriniň wekilleri bar.

Gatnaşyjylara algoritmik programmirleme, maglumatlary seljermek, emeli aň we kiberhowpsuzlyk ýaly ugurlary öz içine alýan jemi 10 mesele hödürlenildi. Ýumuşlary ýerine ýetirmek üçin 120 minut wagt berildi.

Baýrakly orunlary Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti, Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty, Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk instituty hem-de Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyplary eýelediler.

Daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary hem ýokary taýýarlyk derejesini görkezdiler. Olaryň arasynda K.I. Satpaýew adyndaky Milli gözleg-tehniki uniwersitetiniň (Gazagystan), Buhara döwlet uniwersitetiniň (Özbegistan), Ýewfrosiniýa Polotskaýa adyndaky Polosk döwlet uniwersitetiniň (Belarus Respublikasy) hem-de beýleki daşary ýurt ýokary okuw mekdepleriniň talyplary bar.

Olimpiadanyň ýeňijileri ýörite işlenip taýýarlanan milli programma üpjünçiligi arkaly hasaplanan ballaryň jemi boýunça kesgitlenildi. Şahsy hasap boýunça alnan umumy ballaryň esasynda gatnaşan ýokary okuw mekdepleriniň arasynda toparlaýyn bäsleşigiň netijeleri hem jemlenildi.

Ýeňijiler we baýrakly orun eýeleri I, II we III derejeli diplomlar bilen sylaglandylar.

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti tarapyndan yzygiderli dördünji ýyl geçirilýän bu olimpiada zehinli we ukyply ýaşlary ýüze çykarmak, olaryň intellektual ösüşi hem-de hünär saýlawy üçin amatly şertleri döretmek, häzirki zaman informatika we onuň bilen bagly ugurlarda ýüze çykýan ylmy hem-de amaly meseleleri seljermäge ukyply ýaş hünärmenleri taýýarlamak babatda täsirli meýdança bolup hyzmat edýär.