GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistan we Hytaý gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygyň 20 ýyllygyny bellediler
18.04.2026

Paýtagtymyz Aşgabatda Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky gaz pudagyndaky strategik hyzmatdaşlygyň 20 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Forumyň dowamynda iki ýurduň energetika ulgamyndaky gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maslahatda çykyş eden Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Guwanç Agajanow ägirt uly «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyryna badalga berilmeginiň hyzmatdaşlygyň täze derejä çykýandygynyň subutnamasydygyny aýtdy. Ol öz sözünde bu ugurdaky başlangyçlaryň Türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan düýbi tutulandygyny we häzirki wagtda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýändigini nygtady.

Wise-premýeriň bellemegine görä, iki ýurduň arasynda ozal gazanylan baş Ylalaşyk hyzmatdaşlygyň berk hukuk we syýasy binýadyny döretdi. Häzirki wagtda amala aşyrylýan taslamalar we türkmen-hytaý gaz geçirijisi gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň häzirki zaman ykdysady dowamy hökmünde häsiýetlendirilýär.

«Türkmengaz» döwlet konserni bilen Hytaýyň «CNPC» korporasiýasynyň bilelikdäki işleri netijesinde «Galkynyş» käniniň nobatdaky tapgyrynyň özleşdirilmegi iki döwletiň ykdysady gatnaşyklaryny has-da berkider. Bu taslama diňe bir energetika pudagynda däl, eýsem täze ugurlarda hem özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ygtybarly esas bolar diýlip bellenildi.